Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda – zenan waspy

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň goşgularynda – zenan waspy” atly döredijilik agşamy geçirildi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň şahyry Magtymguly Pyragy barada, beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidigi barada belläp geçdiler. Magtymguly Pyragynyň öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdygy, onuň dürdäne döredijiligi bilen watansöýüjiligiň, adamkärçiligiň, zähmetsöýerligiň, edep ekramyň, ahlagyň iň gowy suratlary wasp edilendigi barada gürrüň etdiler.

Magtymguly Pyragynyň:

“Hor galmasyn puştdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin”

         – diýip eden arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna, türkmen halkynyň berkarar döwletiň eýesi bolup, şan-şöhratynyň artjakdygyna asyrlarboýy tüýs ýürekden ynanyp gelen milletimiz hyýallary hakykata öwüren Gahryman Arkadagymyza kalbynyň töründen orun berýändigi, bu iki beýiklik – Magtymguly hem-de mähriban Arkadagymyz geçmiş bilen geljegiň arasyndaky tylla köpriniň synmaz sütünleridir, mizemez binýadydygy aýdyldy.

TSTP