Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Maslahatyň dowanynda oňa gatnaşanlar täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigi, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanyşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ählumumy ulgamda eýeleýän ornuna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigi barada aýtdylar. Şeýle hem kitapda döwletimiziň häzirki döwrüň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de berkitmek ýaly möhüm wezipelerine anyk, düýpli çemeleşmeleri beýan edilýändigini, sebit ösüşiniň geljegine baha berip, BMG-niň Tertipnamasy esasynda we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, netijeli döwletara gatnaşyklary höweslendirmek boýunça anyk tekliplerdir başlangyçlar öz beýanyny tapýandygyny bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TSTP