Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Telekeçiler – altyn gazna

2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda “Batly-Gadam” hususy kärhanasynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda  Hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini we telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, “Telekeçiler – altyn gazna” atly maslahat geçirildi.  Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülen telekeçilik ulgamy ýurdumyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Arkadag Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryny giňeldip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribelere daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalaryna jogap edip kärhananyň hünärmenleri hem özleriniň  ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar. 

TSTP