Şu gün “Mähirli zenan” hususy kärhanasyda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda, dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak maksady bilen, “Sungatdan gudrata öwrülen dutar” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
TSTP