Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: belent sepgitlere badalga

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: belent sepgitlere badalga” atly maslahat geçirildi

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iňňän möhüm orny eýeleýändigini, türkmen jemgyýetiniň hakyky demokratik ýörelgelerini berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işi örän wajypdygyny aýtdylar. Onuň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşany bolup, halkymyzyň ýurdy dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýändigini bellediler. Şeýle hem jemgyýetiň agzybirligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek ýaly il-ýurt bähbitli wezipeleriň halkyň bähbidine çözülmegini gazanýandygyny, milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýändigini aýtdylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, mähriban halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny,  il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler

TSTP