Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Millilik – nesil terbiýesiniň özeni

         2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-ine Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglar orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnaagynda, ýaşlarlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren metlik, edermenlik, watansöýüjilik, halalyk ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda “Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Duşyşygyň dowamynda ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhubelentlik ruhunda terbiýelenmegine täsirini ýetirjek, halal zähmete ruhlandyrjak çykyşlara giňden orun berildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakynda aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Bu babatda anyk mysallar maslahatda edilen çykyşlaryň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçdi. Ýaş nesliň aladasyny edýän ýurduň geljegi ýagty, ertiri röwşen bolýandyr diýip çykyş edenler belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP