Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Aýdyň maksatlary nazarlap

     2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Aýdyň maksatlary nazarlap” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda  täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy,
durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki
wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara
alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz edilip, mejlise taýýarlyk görmek
we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly işleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda  döwletli döwrany, ajaýyp zamanany halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşlar maslahata gatnaşanlaryň kalbyndan joşup çykdy.

TSTP