2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine bagyşlanyp “Halk maslahaty - halkyň bähbidine” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilen 2022-nji ýylymyz taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Milli Liderimiziň ata Watanymyzyň ösüşiniň geljek döwrüniň adynyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydygyny” nygtamagynda çuňňur many-mazmun bar. 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” aýdyň geljegimize kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir. Bu taryhy çözgüt Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP