Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Arkadagyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly

2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-na Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda 2022-nji ýylyň mynasyp atlandyrylmagy mynasybetli, “Arkadagyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly” atly maslahaty geçirildi. Çykyş edenler 2022-nji ýylyň şygarynyň  türkmen halkynyň  milli özboluşlylygyna hem-de medeni däplerine  kybap gelýändigini, ynsanperwer ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, şol ýörelgeleriň bu gün hormatly Prezidentimiziň  içeri we daşary syýasatynyň, döwletimiziň  yzygiderli  ösüşiniň esasydygyny nygtadylar. Ýurdumyzda her ýyly döwrebap  atlandyrmak halkymyzyň göwün  isleginden çykýan  asylly däbe öwrüldi. Bu däp halkymyzda dost-doganlygyň mekany bolan Watanymyza we bagtyýarlyk  döwrümize buýsanjy, joşgunly  we halal zähmete yhlasy artdyrýar. 

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň  durmuşynyň abadançylygy hem-de ata Watanymyzyň  rowaçlygy ugrunda  alyp barýan köptaraply işleri üçin Gahryman arkadagymyza  tüýs ýürekden hoşallyk  bildirdiler.

TSTP