Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Bitarap – Türkmenistan Parahatlygyň mekany

         2021-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda, Halkara Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli “Bitarap – Türkmenistan Parahatlygyň mekany” atly maslahat geçirildi we partiýanyň işjeň agzalaryna hormat hatlary gowşuryldy.

Maslahatda çykyş edenler öz çykyşlarynda Hemişelik Bitaraplyk derejesini alanymyzdan bäri Türkmenistan Watanymyzda edilen işler, ýetilen beýik sepgitler  ýurdumyzyň saýlap alan bu ugrunyň dogrudygyny esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeledi, uly abraý gazandy. Netijede ýurdumyz ähliumumy abadançylygyň, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny älem-jahana dabaralandyrdy. Eziz Arkadagymyzyň ýiti öňden görüjiliginiň we halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň, ýadawsyz aladalarynyň netijesinde, Bitarap  ýur­du­my­zyň ähli künjeginiň  ösüş­le­re we öz­gert­me­le­re bes­len­ýändigi, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da gu­wan­dy­ry­jy sep­git­le­re ýe­til­ýändigi barada buýsançly aýdyp, bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP