Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak bilen baglanyşykly teklibi goldap, maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynyň uly zalynda 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen biziň her birimiz ajaýyp zamanada, eşretli durmuşda ýaşaýarys. Dünýä ýurtlaryny haýrana galdyrýan ösüş-özgerişlikler, durmuşa geçirilýän döwletli işler, gazanylýan şanly rowaçlyklar durmuşymyza nur çaýýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, durmuş-medeni ugurlarda guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Diýarymyzyň durmuş ulgamlarynyň ählisini öz içine alýan düýpli özgertmeleriň we giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ählisiniň gözbaşynda eziz Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiligi, halkyna bolan çäksiz söýgüsi, ýadawsyz aladalary dur. Munuň üçin biz eziz Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky asylly teklibi tüýs ýürekden goldaýandyklary baradaky ýürek buýsançlaryny aýtdylar. 

TSTP