Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Beýik döwre beýik  işler ýaraşýar

2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Telekeçi H.Amanmämmedowyň ýyladyşhanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda köpçüligiň döredijilik güýjüni ýurdumyzy ösdürmegiň öňde goýlan wezipelerini, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny doly ýerine ýetirmäge gönükdirmeli. Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen “Beýik döwre beýik işler ýaraşýar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini maddy hal ýagdaýyny has-da gowlandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň  hataryna çykarmakda  uly işler durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüňler edildi. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk  toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda  hususyýetçiligi ösdürmäge  düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň esasy özenine öwren “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden gözbaş  alýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy  ýaly, berkarar Watanymyzy ähli taraplaýyn gülläp ösýän ýurda  öwürmekde gazanylýan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar çykyşlarda belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen dabaralanýan ýurdumyzda, halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli  bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan  ussat telekeçiniň bu ýyladyşhanasynda zähmet çekýän   agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde  arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

TSTP