Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Arkadagymyzyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly

            Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölümleriniň bilelikde gurnamagynda “Arkadagymyzyň ak ýoly – halkymyzyň bagt ýoly” atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP