Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

Döwrebap ösüş

        2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýaty boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda, işleri dolandyrmakda sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmek  boýunça “Döwrebap ösüş” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary, Daşoguz agrosenagat okuw mekdebiniň ýaşlary we öňdebaryjy telekeçiler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda esasan Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde döwür bilen aýakdaş gadam basýan ata watanymyzyň ösüşleri dogrusynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan hususy ulgamyň zähmetsöýer işgärleri döwrebap tehnologiýalaryň öz işleriniň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigi barada aýratyn bellediler. Şeýle-de döwrebap ösüşimiziň, hususy ulgamda ýetilen sepgitleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdylyp, Hormatly Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

TSTP