Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy

2021-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda  Türkmenabat şäherindäki maliýe orta hünär okuw mekdebinde ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, “Magtymguly – mukaddeslik mekdebiniň mugallymy” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap  Beýik söz ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýar. Beýik akyldar şahyryň hormatyna paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy  gurulýar.   Akyldar şahyryň çuňňur many-mazmuna eýelenen şygyr setirleri ýaşlary terbiýelemekde görelde mekdebidir. Onuň zehin eleginde taraşlan jaýdar jümleleri halkyň durmuş ýörelgesine, atalar sözüne, nakyllara öwrülip  ýygy-ýygydan ulanylýar. Watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, bagtyýarlyk sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän şygyr diwany, ynsanperwerligiň beýik sypatlaryny häsiýetlendirmek bilen, halkyň kalbynda müdimi ýaşaýar. Şahyryň eserlerinde duş gelýän köp sanly parasatly sözler, ganatly jümleler türkmeniň ýaşaýyş-durmuşyny, milli tebigatyny açyp görkezýän gymmatly aňlatmalardyr. Akyldar şahyryň dürdäne setirleri, diňe bir türkmen aňynda däl, eýsem olary okan her bir ynsanyň kalbynda baky orun alyp ýaşaýandygy barada öz çykyşlarynda aýtdylar hem-de dana şahyrymyza uly hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

TSTP