Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Sanly ulgamyň batly gadamlary

2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda   TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň, gazananlarynyň, sanly maglumatlaryň gündelik durmuşymyza ornaşýandygy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň hem düýpli özgerýändigi sebäpli, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň iş usullaryny düýpli özgertmek hem-de  döwrebaplaşdyrmak maksady bilen “Sanly ulgamyň batly gadamlary” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda çykyş edenler  häzirki zaman şertlerinde ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine oňyn itergi berýän iň gymmatly serişde bolup durýan maglumatlary jemlemekde sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleriniň bahasyna ýetme ýokdugy barada giňişleýin belläp geçdiler. Ol maglumatlar berkarar Diýarymyzyň geljekki ykdysady ösüşini çaklamakda, netijede bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamakda, bagtyýarlyk döwletimiziň ýokary talaplaryndan ugur alyp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamakda ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleri geçirmekde uly ähmiýete eýedir.

    Sanly ykdysadyýet halkara ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, dünýäniň ykdysady giňişligindäki işjeňligini ýokarlandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegini gazanmaga, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatynyň baş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar.

Goý, döwletli döwranymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň baş sakasynda durýan hem-de telekeçilerimiz barada, halkymyz hakynda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hem elmydama rowaç bolsun!

TSTP