Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy

2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň  hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerini özünde jemleýän, ahlaklylyga aýratyn ähmiýet berýän ruhy mirasymyzy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, “Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy” atly maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylar Magtymgulynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary barada aýratyn bellenildi. 

Maslahata gatnaşyjylar Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalaryna çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP