2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýa agzalarynyň, Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Sanly ulgamyň mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda sanly ulgam — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginiň möhüm şerti barada, ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygy barada giňişleýin bellenildi. Milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada, munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şerti barada, bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýändigi, bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýandygy dogrusynda hem aýdyldy. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýändigi, sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridigi barada ýaşlara aýratyn gürrüň berildi.
Maslahatyň ahyrynda şeýle döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmaga döredip berýän şertleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP