Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Ýurt ösüşiniň ýalkymy

2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň esasy wezipesi durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli maksatnamalary, amala aşyrylýan özgertmeleri syýasy taýdan goldamak, mähriban halkymyzy döredijilikli işlere ruhlandyrmak, jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi berkitmek babatynda “Ýurt ösüşiniň ýalkymy” atly onlaýn maslahat geçirildi. 

Onlaýn maslahata sanly ulgam arkaly Balkan, Daşoguz, Mary welaýat partiýa komitetleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler. 

Onlaýn maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP