Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

         Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň  hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly kitabynyň XIII jildiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Onlaýn maslahata sanly ulgam arkaly Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat partiýa komitetleriniň ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIII jiltinde ýurdumyzda ösýän 120 sany derman ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär, her bir dermanlyk ösümlige umumy häsiýetnama, ösüş aýratynlyklary, ýaýraw derejesi, himiki düzümi, ulanylşy, derman taýýarlanylyşy barada maglumatlaryň berilmegi bu kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar we her bir okyjyda uly gyzyklanma  döredýär, adamlaryň dermanlyk ösümlikleriň peýdasy barada anyk maglumatlar bilen tanyş bolmaga, giň mümkinçilikler döreder diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çykyşlaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiz uzak ömrüň, sagdyn ýaşaýşyň ilkinji nobatda daşky gurşawa baglydygyny, adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar diýip belleýär we şu kitabyň giriş bölüminde «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýip belleýändigi barada nygtap bellediler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP