Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr

 2021-nji ýylyň 5-nji okýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmeistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr” atly maslahat geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşa ýetiren, ýurdumyzyň abraý-mertebesini Ýer ýüzünde Arşa galdyran Mähriban hem Gahryman Prezidentimizi tüýs ýürekden alkyşlaýandygyny hem-de berkarar döwletimiziň bagtly geljegini Milli Liderimiziň nurana ady bilen berk baglanyşdyrýandygyny uly buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän,  mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.

TSTP