Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

HALK MASLAHATY: IL BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER – ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty: il bähbitli çözgütler – ösüşleriň binýady» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň biri-birine ulaşýan belent tutumlaryň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda agzybir türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlarboýy eden arzuwlaryna, belent sepgitlerine ýetýändiginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň barha berkäp, täze taryhy döwürde ýurdumyzy gülledip ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň has-da rowaçlanýandygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde beýgelýändiginiň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çuňňur many-mazmuny eýe boldy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy mejlisde eden çykyşlarynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösdürmekde badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler öz beýanyny tapdy. Halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

TSTP