05.10.2026 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gezelenç gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň milli ruhda, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinde terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Milli taryhymyzyň iň buýsançly hem-de täsirli sahypalaryny özünde jemleýän bu ýere gelen talyp ýaşlarymyz halkymyzyň başdan geçiren synagly ýollaryny, merdana ogul-gyzlarymyzyň görkezen edermenliklerini çuňňur buýsanç bilen ýatladylar. Toplumdaky ýadygärliklere gül desselerini goýmak dabarasy talyplaryň ýüreginde watansöýüjilik duýgularyny has-da pugtalandyryp, geçmişe sarpa goýmagyň nusgasyna öwrüldi. Şeýle çäreler ýaşlaryň diňe bir sowatly hünärmenler däl eýsem, taryhyna we ata-baba däplerine wepaly ýaşlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Mähriban Watanymyzyň taryhyna, şöhratly geçmişine we gahrymanlarymyzyň hatyrasyna aýratyn sarpa goýýan, ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
TSTP