Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – Bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

 2021-nji  ýylyň  30-njy  sentýabrynda Türkmenistanyň  Senagatçylar  we telekeçiler  partiýasynyň  Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde  gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – Bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.

TSTP