Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

Sazlaşykly hereket – ömürlere bereket

            Ýol ulag hadysalarynyň öňüni almak-da, ýol hereketiniň  kadalaryna jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde wagyz-nesihat  çäreleriniň ähmiýeti uludyr. Şonuň bilen baglykda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň  çäklerinde dürli mazmunly  çäreleri guramak  maksady bilen TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň hem oňyn işleri alyp barýar. Şeýle çäreleriň biri hem şu ýylyň sentýabr aýynyň 15-ne “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň bilelikde biraýlygyň meýilnamasyna laýyklykda,  ýol hereketiniň düzgünlerini talyp ýaşlara düşündirmek, olar bilen baglanşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen “Sazlaşykly hereket – ömürlere bereket” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde jemgyýetçilik guramalary we  polisiýanyň wekilleri köçe-ýol hereketiniň  kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen  ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň  düzgünleri barada  talyp ýaşlara giňişleýin  gürrüň berdiler. Onda özara sowal-jogap hem alşyldy. Ýol hereketine  gatnaşýan her bir adam  howpsuzlygy gazanmakda öz şahsy jogapkärçiligini  duýmalydyr, has takygy, ýol hereketiniň  kadalaryny berjaý etmek  hemmämiziň  borjumyzdyr . Munuň özi ýol-ulag hadysalarynyň  öňüni almagyň  esasy şertidir.

Çärede çykyş edenler bagta sary  uzap barýan aýna ýaly  tekiz hem giň ýollarymyz hemişe asuda bolmagyny,  agzybir halkymyzy bagtyýar durmuşda  ýaşadýan, ynsan saglygy hakynda  bimöçber  aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP