2026-njy ýylyň 08-nji sentýabrynda Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkeziniň mejlisler jaýynda «Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamy-ýaşlaryň mukaddes borjy we beýik ylhamy!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini, watançylyk taglymatlaryny, döretmek we gurmak baradaky şygarlaryny ýörelge edinen ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlere hem-de pent-nesihatlara ýugrulan umumy okuw sapaklary arkaly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň müňýyllyklardan biziň döwrümiziň häzirki şöhratly taryhy ýoluny, milli döwletlilik ýörelgelerini we döwrebap ösüşlerini utgaşdyryp, Garaşsyzlyk döwrüniň hem-de Bitaraplygymyzyň gazananlaryny ylmy esasda seljerip, ýaş nesillerimize geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan bilim we terbiýe bermegiň täze usulyýetini esaslandyrdy.
Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
TSTP