Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi Halk Maslahatynyň milli demokratik ýörelgelerini, agzybirligi hem-de ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny düşündirmäge bagyşlandy. Çärede Halk Maslahatynyň halkyň agzybirligini, birleşikligini we demokratik kadalaryny dabaralandyrýan milli edara hökmündäki ähmiýetini giňden wagyz edildi. Watany ösdürmäge, ykdysady berkararlygy pugtalandyrmaga hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen wezipeleri beýan edildi. Çärä gatnaşyjylar hususy pudagyň bähbidine döredilýän giň mümkinçilikler hem-de ýurduň durnukly ösüşini üpjün edýän beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun sözlerini beýan etdiler. Çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk hem hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP