Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Garaşsyzlyk – belent maksatlaryň, ösüşleriň aýdyň ýoly

     2021-nji ýylyň 21-njy awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzlyk – belent maksatlaryň, ösüşleriň aýdyň ýoly” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Garaşsyz diýar Arkadag bilen öňe barýar, ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere sary uly üstünlikler bilen her bir günümiz taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär diýip çykyşlar bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde eşretiň goýnunda ýaşaýan bagtyýar halkymyz ajaýyp döwürde ýaşap ösüşleriň ýaşady bolýar diýip çykyşlarda uly buýsanç bilen aýdyldy. Bilşimiz ýaly 2021-nji ýyl “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly ösüşleriň, özgerişleriň ýyly bolup taryha altyn harplar bilen ýazlar diýip uly ruhubelentlik bilen beýan etdiler.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýynda täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Balkan we Daşoguz welaýatynyň merkezinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi adamlaryň kalbynda egsilmejek şatlyk duýgusyny döretdi diýip çykyşlarda aýdyp geçdiler. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň welaýatlarymyzda açylyp ulanylmaga berilmegi bu türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, türkmen halkynyň milligine uly ünsüň berilýändiginiň subutnamasydyr diýip çykyşlarda aýdyldy. Türkmen halky gadymlarda hem ak öýe uly hormat goýup ýaşandyklary häzirki wagtda hem şol däpleriň ýitirilmän gelendigi barada beýan edildi. Hormatly Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň, dessurlarynyň ýöredilýändigi barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz yzygiderli halkymyza ak jaýlardan sowgat etmegi, halkymyz bilen, köp çagaly maşgalalar bilen didarlaşyp durmagy olaryň hal ýagdaýlary barada gyzyklanmagy Berkarar watanymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy diýip çykyşlarda bellenildi.

Maslahatyň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan görkezen zähmet üstünlikleri, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşandygy üçin, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birnäçe agzalary we işgärleri Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar geljegimiz baradaky tükeniksiz aladalary, durmuşa geçirýän giň möçberli işleri üçin hormatly Gahryman Arkadagymyzyň elmydama janynyň sag, ömriniň uzak, buýsançly başynyň belentde bolmagyny, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyklar arzuw etdiler.

TSTP