Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar

     2021-nji ýylyň awgust aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň  Balkan welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda bilim hem-de hususy ulgamda zähmet çekýän ýaşlar bilen ýaş şahyrlaryň, döredijilik bilen meşgullanýan halypa şahyrlaryň arasynda “Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar” atly döredijilikli duşuşygy geçirildi. Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy ýeke-täk türkmeniň milli şahyrydyr. Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik birleşmek hakynda şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly hakyky watançy  hökmünde  türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.Şahyr “Gidiji bolma” şygrynda 

      Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:

      Watany terk edip gidiji bolma

diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-ösen  ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, gelin-gyzlaryny, goç ýigitlerini taryplaýandygy barada giňişleýin gürrüňler edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar, medeni mirasymyza uly sarpa goýan we ony goldaýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Goý, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynyň altyn güýzünde giňden belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna buýsançly barýan eziz halkymyzy ýeňişlerden-ýeňişlere, täze rowaçlyklara alyp barýan  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagyny, beýik maksatlary baky rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP