Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Dostlukly gatnaşyklar – ak ýollara uzaýar

     2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Dostlukly gatnaşyklar – ak ýollara uzaýar” atly maslahat geçirildi.

     Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän, umumadamzat ösüşiniň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alyşylýan açyk meýdança öwrüldigi barada bellediler. Maslahatyň esasy mazmuny Awazada geçen halkara forum hakynda boldy. Maslahata gatnaşanlar bu forumyň syýasy we ykdysady taýdan wajyp meseleleriň çözülendigi barada bellediler we forumda gurnalar birnäçe sergilerde türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň önümleriniň sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrandygy barada aýtdylar

     Maslahata ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

TSTP