Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabyň Tikin fabriginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet gurluşyndaky we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm orny» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Halk Maslahatynyň milli demokratiýany we syýasy-durmuşy özgerişleri täze basgançaklara çykarmakdaky eýeleýän orny, şeýle hem il-ýurt bähbitli beýik maksatnamalaryň we kararlaryň durmuşa geçirilişi hakynda durlup geçildi.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar gelejegi, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgerişleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli belent işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TSTP