Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY: ŞANLY GARAŞSYZLYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda «Garagum» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Beýik ösüşleriň gözbaşy: şanly Garaşsyzlyk» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýurdumyzyň durmuşynda eýeleýän taryhy orny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylan belent sepgitler hem-de ykdysady üstünlikler barada giňişleýin bellenilip geçildi.

Çykyşlarda Garaşsyzlygyň halkymyzyň milli agzybirligini, berkarar döwletliligini hem-de hususy ulgamyň ösüşini üpjün edýän esasy binýat bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, berkarar Watanymyzyň beýik geljegine bolan ynamyny berkitmek boýunça alyp barylýan tutumly işlere uly üns çekildi.

Çärä gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmakda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmekde amala aşyrýan beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

TSTP