Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Daşoguz welaýatynyň «Türkmendöwletstandartlary» Döwlet gullugynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-halk bähbitli çözgütler» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ýurdumyzda Watan üçin, halkyň bagtyýar ýaşaýyşy üçin durmuşa geçirilýän köpugurly beýik işleriň durmuşda dabaralanmagy esasynda Garaşsyz Watanymyz ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljege barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp mazmuny Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr.  Bu ugurdaky durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda il-ýurt bähbitli çözülýän döwletli çözgütleriň mysalynda-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda aýdyň göz ýetirýärsiň  diýip giňişleýin belläp geçdiler. 

Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda halkymyzyň eşretli bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.

TSTP