Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Ahal welaýat partiýa komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek boýunça maslahat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň syýasy ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ol döwlet durmuşyndaky möhüm çözgütleri halk bilen maslahatlaşyp, kabul etmek däbiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy üçin döredilen binýadyny has-da berkider. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde bu ählihalk forumyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerine gatnaşmak, onuň netijeli we üstünlikli geçmegine goşant goşmak her raýatyň Watan öňündäki mynasyp borjudyr.

Maslahata gatnaşyjylar Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky köpasyrlyk arzuw-isleglerinden bina bolan eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýädäki at-abraýynyň barha artmagy, ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Halkymyzy belent maksatlar bilen röwşen geljegiň nurana ýolunda jebisleşdirip, ýurdumyzy baky bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

TSTP