Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

ŞANLY ÝYL ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmaga, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň dürli pudaklarynda amala aşyrylan giň gerimli işleriň guwandyryjy netijelerine, bolup geçen ajaýyp wakalaryna bagyşlanyp, golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, munuň şeýledigini ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdylanlaryň aýdyň tassyklaýandygyny guwanç bilen bellediler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy uludan toýlanylýan şu ýylymyz  ýatdan çykmajak taryhy wakalara, ähli pudaklarda, şol sanda telekeçilik ulgamynda gazanylýan uly ösüşlere, guwandyryjy öňegidişliklere beslenýär. Munuň özi ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagyna, kämil adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen işlere möhüm itergi berýär. Çykyşlaryň dowamynda şeýle il-ýurt bähbitli işleriň giňden durmuşa geçirilmegi ugrunda çäksiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP