Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi.

Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de il-gün ähmiýetli, wajyp meseleleri maslahatlaşyp, agzybirlikde çözmek dessurydyr. Bu gadymy ýörelge häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi görnüşinde dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribäniň ýokary derejede dowam etdirilýändigi guwandyryjydyr. Ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, beýik maksatlara mundan beýläk-de üstünlikli ýetiljekdigine çäksiz ynamy görkezdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiň ugurlaryny anyk kesgitledi diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda halk üçin yzygiderli döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler. 

TSTP