Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY: HALKYŇ BAGTYÝAR DURMUŞY – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Hasar» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny hem-da halk häkimiýetliliginiň milli ýörelgelerini berkitmekde Halk Maslahatynyň eýeleýän orny barada giňişleýin bellenilip geçildi. Çärä gatnaşyjylar jemgyýetimiziň agzybirligini dabaralandyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli strategik çözgütleri kabul etmekde milli demokratiýanyň taryhy tejribesiniň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik hem-da mukaddes milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň uly orun eýeleýändigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösüşi ugrunda amala aşyrylýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP