Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

HALK MASLAHATY – GARAŞSYZ DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI WE BELENT MAKSATLARY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Halk Maslahatynyň ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky eýeleýän möhüm orny, kabul ediljek taryhy çözgütleriň we maksatnamalaryň halkyň, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilýändigi barada duralyp geçildi. Syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli bu çäre gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we öňde duran möhüm döwlet çäresine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurlygy bellenildi. Ýurdumyzyň parahatçylygy, agzybirligi we il-günümiziň abadançylygy ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP