Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

Maşgala - terbiýäniň gözbaşy

   2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň, TMÝG-niñ Balkan welaýat Geñeşiniň we Hukuk goraýyjy edaralar bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işleri geçirmek maksady bilen, ”Maşgala - terbiýäniň gözbaşy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bilişimiz ýaly golaýda iýul aýynyň 1-ne Mähriban Arkadagymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin asuda jemgyýeti döretmek hem-de jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, dürli jenaýatlaryň öňüni almak, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmak, seljermek, aradan aýyrmak, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işleri bilen öňüni alyş çärelerini geçirmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň örän möhüm wezipeleri bolup durýar.

   Halkymyzyň geljegini bagtyýar etmek, sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

TSTP