Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygy geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün berkararlygyň, parahatçylygyň hem-de okgunly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysady, medeni, ylym-bilim we sport ulgamlary yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlary we önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, öz ukyp-başarnyklaryn ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, milli däp-dessurlarymyzyň goralmagyna we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Şonuň netijesinde Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar we parahatçylygy goldaýan syýasaty alyp barýar. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere hem-de parahat geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goýtürkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP