Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek hem-de onuň taryhy we jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Milli Liderli, Arkadagly Gahryman Serdarly eýýamyň synmaz binýady — Halk Maslahaty» atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli döwletlilik ýoly bu gün täze mazmunda, täze belentliklerde dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylygyň, durnuklylygyň we okgunly ösüşiň täze eýýamyny başdan geçirýär. Milli döwletlilik ýolunyň dowamlylygy halkyň taryhy tejribesine, uly baýlygyna we geljege bolan ynamyna daýanýar. Halk Maslahaty ýaly milli döwletlilik ýörelgelerini dabaralandyrýan edaralar halkyň pikirini, isleg-arzuwlaryny beýan edip, döwletimiziň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orun eýeleýär. Şeýlelikde, türkmen halkynyň gadymy döwletlilik däpleri häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşyp, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Maslahatyň ahyrynda, Watanymyzyň ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP