Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi. Garaşsyzlyk – bu islendik halkyň taryhynda iň uly baýlyk, iň beýik we mukaddes gymmatlykdyr. Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem asyrlar boýy pederlerimiziň arzuwlap gelen, erkin we özbaşdak döwlet gurmak baradaky mukaddes umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Bu gün Garaşsyzlygyň parahat ýyldyzyny lowurdadyp dünýä taryhynda özüniň mynasyp ornuny tapan mähriban Watanymyz parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň nusgalyk mekanyna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan her bir üstünlik, gurlan şäherler, döwrebap binalar, amala aşyrylýan iri taslamalar ýurdumyzyň mizemez kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlyk – bu biziň milli namysymyz mertebämiz we geljegimiziň röwşen kepilidir. Parahatçylyk bolsa şol uly binanyň sarsmaz binýadydyr. Häzirki zaman ýaşlarymyz bolsa beýik ösüşleriň hereketlendiriji güýjiniň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umamadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP