Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ARKADAGYŇ KITAPLARY ÝAŞ NESILLERE TERBIÝE-MEKDEPDIR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Daşoguz maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Arkadagyň kitaplary ýaş nesillere terbiýe-mekdepdir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orny eýeleýän kitap gadymdan gelşine görä, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-paýhasyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýän kitaplarynyň bu günki gün, diňe bir türkmen halkynda däl eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, her bir adam üçin uly gollanma bolup durýandygy, bu kitaplaryň biziň her birimiziň ýan kitabymyza öwrülendigi barada giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda kämil şahsyýeti kemala getirmekde gymmatly çeşme hasaplanýan ajaýyp eserleri üçin  Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar. 

TSTP