Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatlary – milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan okgunly ösüşleriniň, ykdysady kuwwatynyň we medeni–ruhy gymmatlyklarynyň täze belentliklerine çykýar. Bu üstünlikleriň we gazanylýan belent sepgitleriň düýp özeninde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgeleri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty durýar. Bu taglymatlar diňe bir ýurdumyzyň gülläp ösmegini däl, eýsem halkymyzyň agzybirligini we milli bitewiligini saklaýan mizemez güýç bolup hyzmat edýär. Ata–babalarymyzdan miras galan mukaddes ýörelgeleri häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini täze derejä çykarýar. Halkyň döwlet bilen sazlaşykly hereket etmegi, ýurtda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň merkezinde adamyň bähbidiniň durmagy milli jebisligimiziň kepilidir. Biziň güýjimiz agzybirlikdedir, bu agzybirlik bolsa döwletimiziň özygtyýarlylygyny hem-de kuwwatyny pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik taglymatlary, parasatly içeri we daşary syýasaty türkmen halkynyň asuda, parahat hem-de bolelin durmuşda ýaşamagynyň binasy bolup hyzmat edýär.
Maslahatyň ahyrynda halkyny bagtyýar döwre, Watanymyzy asuda we durnukly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, umamadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP