Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

YLYM HEM-DE BILIM YNSAN ÖMRÜNIŇ MANYSYDYR, DURMUŞ ÝÖRELGESIDIR

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň ylym ulgamynda amala aşyrýan giň gerimli özgertmelerini wagyz etmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Ata-babalarymyz ylym-bilim we paýhaslylyk barada ummasyz nakyllar döredip, ony nesillere miras galdyrypdyr. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwlet berkararlygynyň binýadynyň berk bolmagynyň halkyň ylym-bilim derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, ajaýyp eserleri döredipdir. Bu barada beýik söz ussadynyň ylym-bilimi şöhlelendirýän, onuň ähmiýetini açyp görkezýän ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. 

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

TSTP