Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Arkadag şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşleriniň iň belent we aýdyň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmegine üç ýyl dolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Arkadag şäheri türkmen halkynyň milli binagärlik däplerini dünýäniň iň döwrebap arhitektura-inženerçilik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşdyryp, gözüňi guwandyrýan ylham çeşmesine öwrüldi. Binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan şäheriň desgalarynyň we binalarynyň hersi özboluşly sungat eserine çalym edýär. Olar diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem, ýaşaýjylara ýetirýän uly peýdasy bilenem tapawutlanýar. Birinji tapgyrda şäheriň ähli innowasion inženerçilik we kommunikasiýa ulgamlarynyň berk binýady tutuldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Meýilnama laýyklykda, bu ýerde ýene-de ýüzlerçe dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Bu tapgyr, esasan, şäheriň senagat, ykdysady we hyzmatdaşlyk kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalar we önümçilik bilen bagly düzümlerini döretmäge gönükdirilendir. Ikinji tapgyryň çäginde ekologik taýdan arassa önümçilik kärhanalary we beýleki durmuş desgalary gurulýar. Islendik şäheriň ösüp-örňemegi ýokary hilli durmuş şertleri bilen birlikde, ýaşaýjylar üçin ykdysady-işewürlik mümkinçilikleriň döredilmegine baglydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry ýurduň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde uly sepgitleri açýar diýip belläp geçdiler. Şeýle hem Arkadag şäheri ýurdumyzyň gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, döwrümiziň belent ruhuny, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny bütin dünýä äşgär edýär. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda şu günki hem geljekki nesiller üçin döredilýän bagtyýar durmuşyň nyşanydyr diýip özleriniň ýürek buýsançlaryny uly joşgun bilen beýan etdiler.
TSTP