Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri täze eýýamyň beýik eseri» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda eziz Watanymyz rowaçlyklaryň we ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Şanly taryhymyzyň iň gözel sahypalarynyň birine öwrülen, ak mermerli binalary bilen göz gamaşdyrýan Arkadag şäheri bolsa, Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasynyň, Watana we halka bolan çäksiz söýgüsiniň, mähir yhlasynyň ajaýyp miwesidir. Arkadag şäheri diňe bir döwrebap binagärligiň däl, eýsem, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we innowasion çözgütleriniň durmuşa geçirilen ýeridir. Bu ýerde kemala gelen şäher gurşawy «Akylly şäher» konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Arkadag şäheri – bu geljegiň şäheridir, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we gurujylyk ukybynyň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzy şeýle ajaýyp şäher, beýik eser bilen begendiren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP