Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

Sagdyn ýaşaýyş – ömürlere ýaraşyk

2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Sagdyn ýaşaýyş – ömürlere ýaraşyk” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

 Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe   Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygyny görkezen nobatdaky waka bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň saglygy barada uly aladalary edýän, ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

TSTP