Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MILLI MEDENIÝETIMIZ - TARYHYŇ WE RUHY BAÝLYGYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň  Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary şöhlelenýär. Medeniýetň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda  ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar. 

Ynsan durmuşyny gözellige öwürýän, medeniýete we sungata uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.

TSTP