Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Parahat» hususy kärhanasynda tejribe okuw sapagy geçirildi.  

Häzirki wagtda eziz Watanymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy we öz ukyplaryny doly açyp görkezmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Islendik kuwwatly döwletiň geljegi we bütin ykbaly hut onuň ýaşlarynyň nähili terbiýelenýändigi, nähili bilim alýandygy bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin hem, biziň ýaşlarymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň iň uly baýlygy hem-de röwşen geljegidir. Şu günki ýaş nesil diňe bir geljegi gurujylar däl eýsem häzirki döwrüň hem iň esasy hereketlendiriji güýjidir. Watana we milli gymmatlyklara bolan wepalylyk, kämil we bilim we zähmete bolan söýgi ýaşlarymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar. Olaryň  halkara bäsleşiklerde, ylym we sport äleminde gazanýan ýeňişleri biziň guwanjymyzdyr. Öňde duran belent maksatlara ýetmek, ýurdumyzy has-da ösdürmek we dünýä derejesindäki abraýyny artdyrmak ýaşlaryň asylly zähmetine hem-de täzeçil pikirlerine baglydyr. 

Ýaş nesillerimiziň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, döwrebap ylym-bilim almagy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda çäksiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP